Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Aşgabatda geçiriljek sambo boýunça dünýä çempionaty halkara federasiýanyň sanawynda mynasyp orun aldy

03.01.2020. Sambo boýunça halkara federasiýasy (ç) täze ýylyň bosagasynda resmi saýtynda 2020-nji ýylda geçiriljek halkara ýaryşlaryň sanawyny ýerleşdirdi.

Ýaryşlaryň arasynda Türkmenistanda geçiriljek sambo we söweş sambosy boýunça dünýä çempionaty hem bar. Çempionat 2020-nji ýylyň noýabry aýynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde geçiriler.

Sanawda dürli derejedäki halkara ýaryşlaryň 25-e golaýy bar. Ýylyň ilkinji halkara ýaryşy 20-21-nji fewralda geçiriljek Belarusyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky ýaryş bolar.  

Ýylyň sambo senenamasy 23-25-nji noýabrda mekdep okuwçylarynyň arasyndaky dünýä çempionaty (Sahkadzor, Ermenistan), 2-3-nji dekabrda kadetleriň arasyndaky dünýä çempionaty (Poreç, Horwatiýa) we 12-13-nji dekabrda Ýewropanyň açyk çempionaty (Madrid, Ispaniýa) bilen jemlener.

2020-nji ýylyň 16-njy noýabrynda tutuş Ýer ýüzünde, şol sanda Türkmenistanda hem Bütindünýä sambo güni belleniler.