Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmenistanly hünärmen Aziýa çempionatynda gözegçi eminiň wezipesini ýerine ýetirer

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň eminler bölüminiň başlygy Wadim Baratow Kuala-Lumpurda geçiriljek naýbaşy eminleriň maslahatyna gatnaşmaga çakylyk aldy. Mundan başga-da türkmen hünärmeni futzal boýunça Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatynda gözegçi eminiň wezipesini ýerine ýetirer.

Ýeri gelende bellesek, AFK-nyň naýbaşy eminleriniň maslahaty Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda 13-16-njy ýanwary aralygynda geçiriler.

Ildeşimizden başga Aziýa çempionatynda gözegçi eminleriň üçüsi, eminleriň 18-si hem-de duşuşyklaryň komisarlarynyň 4-si işlär.

Wadim Baratow bilen birlikde Aziýa çempionaty – 2020-de Merkezi Aziýa Rustam Abdullaýew (Täjigistan, eminleriň gözegçisi), Alim Arofow (Özbegistan, duşuşygyň komissary), Nurdin Bukuýew (Gyrgyz Respublikasy, emin), Anatoliý Rubakow (Özbegistan, emin) wekilçilik ederler, şeýle-de, balkanabatly emin Azat Hojypolatow çempionatda ätiýaçdaky eminiň wezipesini ýerine ýetirer.

Aziýanyň 16-njy çempionatynyň 26-njy fewral – 8-nji mart aralygynda Aşgabatda geçirilýändigini ýatladýarys. Deslapky tapgyrda “A” toparçada çykyş edýän Türkmenistanyň ýygyndysy çärýek finala çykmak ugrunda Täjigistanyň, Wýetnamyň hem-de Omanyň ýygyndylary bilen bäsleşer.

www.tff.com.tm