Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Sport gününde woleýbol ýaryşy guraldy

Hormatly Prezidentimizň teklibi esasynda her hepdäniň şenbe güni ýurdumyzda sport güni hökmünde yglan edildi.

2020-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda, ýagny şenbe gününde hem S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyplarynyň «Hasyl» topary bilen D.Azady adyndaky TMDDI-niň «Diýar» toparynyň arasynda woleýbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi.

D.Azady adyndaky TMDDI-niň sport türgenleşik zalynda geçirilen duşuşygyň netijesinde meýdança eýesi hökmünde çykyş eden topar 3:0 hasaby bilen ýeňiş gazanmagy başardy.

 

Merjen AGAÝEWA,

S.A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.