Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Woleýbolçylaryň bäsleşigi dowam edýär

Türkmenistanyň woleýbol federasiýasyndan habar berişleri ýaly, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň woleýbol boýunça erkekleriň arasyndaky klub toparlaryň milli çempionatynyň 3-nji tapgyry dowam edýär.

Klub toparlaryň milli çempionatyna «Galkan», «Talyp sport», «Galkynyş», «Migrasiýa», «Serhetçi», «Watançy», «Milli goşun», «Maliýeçi», «Binagär» we «Kerwen» toparlarynyň gatnaşýandygyny ýatladýarys.

Klub toparlarynyň arasyndaky bäsleşikler 2020-nji ýylyň 3-nji fewralynda tamamlanar.

 Ilkinji duşuşyklarda «Galkan», «Galkynyş», «Talyp sport» we «Migrasiýa» toparlarynyň öňe saýlanandyklaryny bellemek gerek.  

«Galkan» – «Watançy» – 3:0

«Galkynyş» – «Kerwen» – 3:0

«Serhetçi» – «Talyp sport» – 1:3

«Migrasiýa» – «Binagär» – 3:0

www.msy.gov.tm