Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Balkan welaýatynda baýry türgenleriň arasyndaky geçen açyk birinjiligiň jemi jemlendi

Balkanabat şäherinde baýry türgenleriň arasynda sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça açyk birinjilik geçirildi.

Balkan welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň we Balkan welaýatynyň futbol federasiýasynyň, şeýle hem, Balkan welaýatynyň kärdeşler arkalaşygynyň bilelikde gurnamagynda geçirilen birinjilige welaýatyň edara-kärhanalarynyň toparlary gatnaşdylar.

Örän çekeleşikli geçen birinjilikde 1-nji orna Balkan welaýatynyň Saglygy goraýyş edarasynyň türgenleri, 2-nji orna Balkan welaýatynyň Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň türgenleri, 3-nji orna bolsa, Balkan welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň halypa baýry türgenleri mynasyp boldular.

Ýaryşyň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Aşyr SAPAROW,

talyp.