Soňky habarlar

  Ahal teke at üstünde oýunlar topary «Galkynyş» Halkara etnosport festiwalyna gatnaşdy

Stambul şäherinde dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan VII Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Bu uly halkara forum Bütindünýä etnosport konfederasiýasy tarapyndan guraldy. Festiwalyň çäginde dürli ýurtlardan gelen milli medeni toparlar, olaryň adatlary, at üstünde oýnalýan oýunlary we däp bolan sporty görnüşleri giňden görkezildi.

Bu ýerde türkmen atçylyk sungatyny we medeniýetini halkara giňişliginde giňden wagyz edýän «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Türkmenistana wekilçilik edip, üstünlikli çykyşlary bilen ýatda galdy. «Galkynyş» toparynyň artistleri at üstünde ýokary derejedäki çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirip, türkmen milli lybaslaryny we sazly çykyşlaryny görkezdiler. Bu çykyşlar festiwalyň myhmanlarynyň uly gyzyklanmasyna sebäp boldy.

Festiwalda Türkmenistandan ýörite getirilen ahalteke bedewleri hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Gözelligi, çydamlylygy we özboluşly ýöreýşi bilen tanalýan bu meşhur atlar festiwalyň esasy nyşanlarynyň birine öwrüldi