3-nji iýun ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, şeýle hem Aşgabat şäherinde üstünlikli geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň degişli Çözgüdine laýyklykda, Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň halkara jemgyýetçiligiň ykrarnamasyna eýe bolýandygyny görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli senenamamyzda mynasyp orun alan Bütindünýä welosiped güni ildeşlerimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezmek bilen, raýdaşlyk ruhuny dabaralandyrýar.
Baýramçylyk mynasybetli guralýan welosipedli ýörişiň badalga alýan ýeriniň — paýtagtymyzdaky Saglyk ýolunyň sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Ýörişe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşýarlar. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri-de bar.
Hemmeler uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mübärekleýärler.
Ýurdumyzyň sungat ussatlary Watanymyzy, sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän aýdym-sazly kompozisiýalar bilen çykyş edýärler.
Soňra döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi.
Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, hemmeler ak mermerli paýtagtymyzyň Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen ýola düşdüler.
Bellenilen ugra görä, welosipedçileriň kerweni öz ýoluny paýtagtymyzyň giň şaýollary bilen dowam etdi.
Ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden hem-de sport taýýarlygyny görkezdi.
Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegi döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, ildeşlerimize görelde bolýarlar. Munuň özi türgenleri halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanmaga ruhlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişi tamamlap, paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky pellehana bardy. Bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylar Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunyny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda kabul edilen Kararnamanyň ähmiýetini bellediler hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Soňra döwlet Baştutanymyz Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp geçirilen köpçülikleýin sport çäresine gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglygyny, üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýlelikde, Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun alan bu halkara baýram mynasybetli geçirilen şu gezekki welosipedli ýöriş jemgyýetimizi umumy maksadyň daşynda jebisleşdirip, Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdudygyny ýene bir gezek äşgär etdi.