Türkmenistan we Katar futbol pudagynda hyzmatdaşlyk ederler. Bu sport pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Guwançmuhammet Öwekow we Kataryň Futbol assosiasiýasynyň prezidenti Jassim bin Raşid Al Buenaýn gol çekdiler. Gol çekişlik dabarasy Doha şäherinde Kataryň Futbol assosiasiýasynyň edarasynda geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň habar berşi ýaly, bu ylalaşyga gol çekilmegi Katar Futbol assosiasiýasynyň strategiýasynda Aziýanyň futbol federasiýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde we dostlukly ýurtlardaky kärdeşleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýene bir möhüm ädim boldy.