Soňky habarlar

Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryşa badalga berildi

Şu gün paýtagtymyzda Ýewropanyň we Aziýanyň 11 ýurdundan türgenleriň gatnaşmagynda geçirilýän küşt boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistandan, Wýetnamdan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Russiýadan, Täjigistandan, Tailanddan, Özbegistandan 8, 10 we 12 ýaşlaryndaky 129 türgen gatnaşýar. Bu barada TDH habar berýär.

Irden Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň binasynyň ýanynda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Uzak garaşylan pursat ýetip geldi: ýaryşyň resmi açylyş dabarasy başlandy.

Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaryşa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okalýar. Onda küşt oýnunyň gadymy dessanlarda, türkmen halk ertekilerinde, geçmişde we häzirki wagtda hem meşhurlyga eýedigi nygtalýar. 

Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Dabaranyň möhüm pursady ýetip gelýär: küşt boýunça halkara ýaryş açyk diýlip yglan edilýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirilýär. Soňra Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýew we rus wekiliýetiniň ýolbaşçysy Aleksandr Şkurihin ähli gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Sport guramalarynyň ýolbaşçylary sportuň, şol sanda küşt sportunyň ösdürilmegine berýän ägirt uly ünsi hem-de wekilçilikli halkara ýaryşy ýokary derejede geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, oňa gatnaşyjylary ýaryşyň başlanmagy bilen gutladylar.

Resmi açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, aýdym-sazly we tansly ajaýyp çykyşlara orun berildi. Dürli sport görnüşleriniň wekilleri hem täsirli görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Ýaryşa gatnaşyjylar ýadygärlik surata düşdüler, soňra olar mekdebiň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan ýurdumyzyň sport üstünlikleriniň sergisi bilen tanyşdylar.

Aşgabatda üç günläp dowam etjek halkara küşt ýaryşynyň dowamynda rapid we blitz görnüşleri boýunça oglanlaryň we gyzlaryň arasynda üç ýaş derejesinde, 12 medallar toplumy ugrunda ýaryşlar geçiriler. Rapid görnüşinde oýunçynyň her göçümine 10 sekunt goşmak bilen, 15 minut wagt berilýär. Küştüň çalt oýnalýan blitz görnüşinde bolsa her göçüme 2 sekunt wagt goşmak bilen, her oýna 3 minut wagt berilýär. 9 tapgyryň jemi boýunça ýaryşyň medallara eýe bolan ilkinji ýeňijileri 17-nji iýunda belli bolar. Gutarnykly netijeler bolsa blitz boýunça oýunlar tamamlanandan soňra, ýagny 18-nji iýunda jemlener.