Soňky habarlar

Ýaş türkmenistanlylar küşt boýunça «Aşgabat 2025» halkara ýaryşyň umumy medal hasabynda birinji orny eýelediler

Paýtagtymyzda üç gün dowam eden küşt boýunça «Aşgabat 2025» halkara ýaryş tamamlandy. Mälim bolşy ýaly, bu akyl-paýhas bäsleşigine rapid we blitz görnüşleri boýunça Ýewropanyň, Aziýanyň 11 ýurdundan 8, 10 we 12 ýaşlaryndaky türgenleriň 129-sy gatnaşdy. Rapid görnüşinde oýunçynyň her göçümine 10 sekunt goşmak bilen, 15 minut wagt berilýär. Küştüň çalt oýnalýan blitz görnüşinde bolsa her göçüme 2 sekunt wagt goşmak bilen, her oýna 3 minut wagt berilýär.

Dabaranyň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde ýaryşyň jemleri jemlenip, onuň ýeňijilerine medallaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Sportuň küşt görnüşi boýunça geçirilen halkara ýaryşda rapid görnüşi boýunça umumy medal hasabyndan belli bolşy ýaly, Türkmenistana wekilçilik eden ýaş küştçüler 3 altyn, 4 kümüş, 3 bürünç, jemi 10 medal gazanyp, birinji orna mynasyp boldular. Şeýle-de ikinji orna 2 altyn, 2 kümüş, jemi 4 medal bilen Özbegistan Respublikasynyň, üçünji orna 1 altyn, 1 bürünç, jemi 2 medal bilen Gazagystan Respublikasynyň türgenleri mynasyp boldular.

Halkara küşt ýaryşynyň blitz görnüşinde-de Türkmenistanyň küştçüleri birinji orny eýelediler. Ýaryşyň bu görnüşinde ýaş küştçülerimiz umumy medal hasabynda 4 altyn, 2 kümüş, 3 bürünç – jemi 9 medal gazanyp, bu oýunda zehin taýdan tapawutlanýandyklaryny subut etdiler. Blitz ýaryşynda ikinji orna 2 altyn we 1 kümüş gazanan Özbegistan Respublikasynyň, üçünji orna 3 kümüş we 2 bürünç medal gazanan Gazagystan Respublikasynyň küştçüleri mynasyp boldular.

Şeýlelikde, sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda rapid we blitz görnüşi boýunça umumy medal hasabynda Türkmenistan 7 altyn, 6 kümüş, 6 bürünç – jemi 19 medal gazanyp, birinji orny eýeledi. Ikinji orna 4 altyn, 3 kümüş medal gazanan Özbegistan Respublikasynyň ýaş küştçüleri mynasyp boldular. 1 altyn, 3 kümüş, 3 bürünç medal gazanmagy başaran Gazagystan Respublikasynyň türgenleri bolsa üçünji orundan paýly boldular.

Günüň ikinji ýarymynda ýaryşa gatnaşyjylar Arkadag şäherine gelip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binasynyň öňünde surata düşdüler. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasy ýerleşýär.

Soňra sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşa gatnaşyjylara “Märkaw” myhmanhanasynyň toý mekanyna Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy.

Ýewropanyň we Aziýanyň 11 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan, Wýetnamdan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Russiýadan, Täjigistandan, Tailanddan, Özbegistandan ýaryşa gatnaşan zehinli küştçüler sowgat berlen noutbuk kompýuterlerini hoşallyk bilen kabul etdiler. Sowgatlar ýaryşa gatnaşan çagalaryň ýany bilen Aşgabada gelen olaryň ata-enelerine, tälimçilerine, lukmanlaryna, ýagny her ýurda wekilçilik eden toparyň ähli agzalaryna hem gowşuryldy.

Soňra ýurdumyzyň çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi.