Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Tomusky dynç alyş günleri gyzgalaňly sport ýaryşlary bilen dowam edýär

Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyzda ýaş nesliň bagtyýar, şadyýan durmuşda sazlaşykly ösmegi, beden taýdan sagdyn bolmagy, bagtyýar durmuşda erkana ýaşamagy ugrunda ähli şertdir mümkinçilikler döredilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurlup ulanmaga berilýän döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar. Munuň özi Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň dynç alyşlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri barada edilýän aladanyň aýdyň mysalydyr.

Gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjeklerine öwrülen Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem welaýatlarymyzdaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsüminde çagalara ýatdan çykmajak dynç alyş günlerini guramak üçin köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş çäreleri uly şatlyk-şowhun bilen gyzgalaňly geçirilýär.

Türkmenistanyň Bilim, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki Meýilnamasyna laýyklykda, “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy tarapyndan çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda “Berkarar döwletiň sagdyn nesli biz” atly sportuň ýeňil atletika görnüşi we hereketli oýunlar boýunça sport ýaryşlary, “Biz şadyýan çagalar” atly türkmen milli oýunlary boýunça bäsleşikler merkezleriň arasynda ýokary ruhubelentlik bilen diýseň gyzgalaňly geçirildi. Ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda geçirilýän bu bäsleşikler olary sagdyn durmuş ýörelgesine, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga iterýär, sportuň dürli görnüşlerine gyzyklanma döredýär, galyberse-de çagalaryň arasynda geçirilýän bu köpçülikleýin sport ýaryşlary ýaş zehinleri ýüze çykarmaga we sport türgenleşiklerine ugrukdyrmaga itergi berýär, Watanymyzy, il-günümizi ýüregi bilen söýýän nesilleri terbiýelemäge ýardam edýär.

Bagtyýar we bagtly çagalaryň mekany eziz Diýarymyzda ýaş nesliň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegi babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

 

“Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport
guramasynyň baş hünärmeni Gülbahar Meredowa