Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde her ýyl geçirilmesi asylly däbe öwrülen «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlary ähmiýetli çäreleriň merkezine öwrülen Watanymyzda sporty ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmekde hem-de bedenterbiýäni gündelik hemrasyna öwren ýaşlaryň täze neslini kemala getirmekde möhüm ädim boldy. Munuň özi mekdep okuwçylaryndan başlap, uly ýaşly ildeşlerimiziň hem sportdaky başarnyklaryny we mümkinçiliklerini görkezmegine şert döredýär.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda hem bu sport baýramçylygy Watanymyzyň sport durmuşyna özboluşly many-mazmun çaýdy. Şu ýyl «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlary ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sportuň 11 (suwda ýüzmek, ýeňil atletika, kiçi futbol, woleýbol, basketbol, gandbol, küşt, düzzüm, tennis, stol tennisi, türkmen milli göreşi) görnüşi boýunça ýaýbaňlandyryldy. Dartgynly geçen ýaryşlaryň netijesinde Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary birinji orny eýelese, Daşoguz welaýaty ikinji, Ahal welaýaty üçünji boldy.
Hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary bolsa sportuň 13 (suwda ýüzmek, ýeňil atletika, basketbol, küşt, şaşka, düzzüm, stol tennisi, milli göreş, futzal, woleýbol, karatedo, tigir sürmek, tanap çekmek) görnüşi boýunça bäsleşdiler. Şunlukda, Aşgabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary öňdeligi elden bermedi. Aşgabat syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary ikinji, Aşgabat Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi bolsa üçünji orny eýeledi.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bolsa sportuň 20 (suwda ýüzmek, ýeňil atletika, bilýard, küşt, grek-rim göreşi, stol tennisi, sambo, milli göreş, woleýbol, futbol, boks, futzal, gandbol, basketbol, badminton, erkin göreş, dzýu-do göreşi, karatedo, tigir sürmek, tennis) görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Bu bäsleşikler Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýygyndy toparynyň ýeňşi bilen jemlendi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ikinji bolsa, Türkmen döwlet Maliýe institutynyň ýygyndy topary öňdäki üçlügi jemlemegiň hötdesinden geldi. Mundan başga-da ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň sportuň 7 (woleýbol, badminton, suwda ýüzmek, küşt, stoluň üstünde oýnalýan tennis, düzzüm, kiçi futbol) görnüşi boýunça başarnyklaryny görkezdiler.
Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň bäsleşikleri sportuň 9 (woleýbol, basketbol, ýeňil atletika, stol tennisi, tennis, suwda ýüzmek, milli göreş, küşt, sambo göreşi) görnüşi boýunça ýaýbaňlandyrylyp, bu ýerde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýygyndy topary ýeňşi hiç kime bermedi. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýygyndysy ikinji ýeri eýelese, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýygyndy topary üçünji orna mynasyp boldy.
Diýseň dartgynly hem gyzykly geçen ýaryşlaryň biri hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasyndaky bäsleşiklerdir. Sportuň 8 (woleýbol, basketbol, suwda ýüzmek, ýeňil atletika, stol tennisi, tennis, milli göreş, küşt) görnüşinden guralan ýaryşlarda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýygyndy topary birinji bolmagy başardy. Şondan soňky iki orun Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýygyndy toparlaryna degişli boldy.
Ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda guralan bäsleşikler sportuň 9 (stol tennisi, tennis, milli göreş, küşt, dzýudo, erkin göreş, grek-rim göreşi, sambo göreşi, boks) görnüşini öz içine aldy. Ýokary ruhubelentlik derejesinde geçen ýaryşlarda Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary öňe saýlandy. Lebap welaýatynyň ýygyndysy ikinji orny eýelese, Ahal welaýatynyň ýygyndy topary hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.
Diýseň ýokary guramaçylyk derejesi bilen tapawutlanan ýaryşlaryň netijeleri türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletli başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy ähmiýetli tutumlary bilen utgaşyp, ýurdumyzda milli sportuň eýe bolýan belent sepgitleriniň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň watandaşlarymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülýändiginiň görkezijisine öwrüldi. Şeýle ähmiýetli ädimler bedenterbiýäni we sporty ösdürmekdäki taryhy taslamalaryň möhüm tapgyrydyr. Şol bir wagtyň özünde bolsa Watanymyzda ynsan saglygynyň ähli zatdan ileri tutulýandygynyň beýany bolup dabaralanýar.
Rahat SAMATOW,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň köpçülikleýin sport çärelerini guramak bölüminiň başlygynyň orunbasary.