Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 23-nji iýunynda “Olimpiýa güni” mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýaşlaryň gatnaşmagynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri uly ruhubelentlik bilen geçirildi.
Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen köpçülikleýin kross ylgaw ýaryşyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden talyp türgenleriň hem-de Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň sport mekdeplerinden ýeňil atletikaçy türgenleriň 100-den gowragy gatnaşdy.
Şeýle-de şol gün gyzlaryň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça hem-de oglanlaryň arasynda sportuň futzal görnüşi boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň fakultetara bäsleşiginiň jemleýji duşuşyklary, sportuň tanap çekmek görnüşi boýunça bäsleşikler guraldy.
Gyzgalaňly geçen ýaryşlaryň ýeňijilerine Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.