2025-nji ýylyň 4-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramaklarynda «Sport parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewi» atly Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ýagny, 550-den gowrak adamyň gatnaşmaklarynda sport marafony ýokary ruhubelentlik bilen geçirildi. Sport marafony Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk köçesiniň ugry bilen Arkadag binasynyň ýanyndan badalga berlip, “Aşgabat” köpugurly stadionynyň hem-de “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň daşyndan aýlanyp, Arkadag binasynyň ýanyndaky pellehana çenli 3 600 metr aralykda guraldy. Ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.