Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylyk binýadyna yzygiderli ornaşdyrýan Türkmenistan döwletimizde halkara baýramçylyklar, şanly seneler aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda milli we halkara baýramçylyk günlerine bagyşlanyp geçirilýän dürli derejeli köpçülikleýin sport çäreleri sagdyn durmuş ýörelgesini baýdak edinýän ýaş nesillerimiziň sagdynlyga, sporta we bagtyýarlyga bolan hyjuwyny goşalandyrýar. Muňa her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilip geçilýän Bütindünýä saglyk gününiň maksatnamalaýyn giň medeni-sport çärelerine beslenmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu halkara baýramçylyk mynasybetli 2025-nji ýylyň
4-nji aprelinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Birleşen Milletler Guramasynyň ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginde guralan köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäresi aýratyn ähmiýete eýe boldy. Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň 200-den gowragynyň gatnaşmagynda köpçülikleýin ylgaw ýaryşyndan başlan bu çäre interaktiw sapaklar, kikboks we ýoga boýunça ussatlyk sapaklary bilen dowam etdi.
Köpçülikleýin ylgaw ýaryşy oglanlaryň arasynda 800 metr, gyzlaryň arasynda 400 metr aralyga guralyp, bu ýerde 16-njy orta mekdebiň okuwçylary Çaryýew Ýunus, Aşyrmyradowa Gülşen, şeýle hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Babanyýazow Pena we Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Esedowa Enejan dagylar aýratyn tapawutlandylar.
Ýaryşda ýeňiji bolan ýaşlara Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hormat hatlary hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ýaryşyň ýeňijilerini sylaglaýyş dabarasynda guralan aýdym-sazly tans, şeýle hem sportuň görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary bu sport baýramçylygynyň ruhubelentlik ruhuna has-da şowhun goşdy.
Sagdynlygy, bagtyýarlygy we ruhubelentligi özünde jemleýän köpçülikleýin ylgaw ýaryşyna gatnaşyjylar ýurdumyzda adam hakda edilýän irginsiz aladanyň, adam saglygy barada alnyp barylýan işleriň sakasynda durup Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgesi baradaky başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Bedenterbiýe we köpçülikleýin sport çärelerini guramak bölümi