2025-nji ýylyň 31-nji maýynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli hem-de Ýewropa günine bagyşlanyp “Parahatçylyk we ynanyşmak” atly marafon ylgawy uly ruhubelentlik bilen geçirildi. Aşgabat şäherindäki Garaşsyzlygyň Milli seýilgähiniň daşynda 3 tapgyrda, ýagny, 2 km aralyga ylgaw 16 ýaşa çenli çagalar we uly ýaşly adamlar, 5 km we 10 km aralykdaky ylgawlar 16 ýaşdan uly gatnaşyjylar üçin geçirilen marafon ylgawyna 500-den gowrak adam gatnaşdy. Parahatçylyk we ynanyşmak marafonynyň dowamynda baýramçylyk ruhuna şowhun goşan sport bäsleşikleri we ýaryşlar hem guraldy.
Şeýle sport baýramçylyklarynyň ýokary ruhubelentlik derejesinde geçirilmegi Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna, bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna berilýän uly ähmiýetiň subutnamasydyr.