Tailand, Kuweýt, Mongoliýa we Maldiwleriň milli ýygyndy toparlary 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndylarynyň (U17) arasynda geçiriljek 21-nji Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşyna gatnaşmak üçin Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişlikden soň türkmen futbolçylarynyň garşydaşlary hökmünde saýlandy. Onuň jemleýji bölümi 2026-njy ýylyň maý aýynyň 7-24 aralygynda Saud Arabystanynda geçiriler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Bäsleşige ýedi toparça bölünen 38 topar gatnaşar. Olaryň üçüsinde alty topar, dördüsinde bäş topar bolar.
Bijäniň netijesine görä, Türkmenistanyň ýygyndy topary «F» toparçada ýerleşdi. Bu toparçanyň duşuşyklary Tailandyň Çonburi şäherinde geçiriler.
Saýlama tapgyrynyň ähli duşuşyklary 2025-nji ýylyň 22 – 30-njy noýabr aýy aralygynda merkezi görnüşde we bir aýlawda geçiriler.
Jemleýji tapgyra her toparçanyň ýeňijileri çykar. Olar soňky tapgyrda Aziýa Futbol konfederasiýasynyň (AFC) şu toparlaryna goşular: Katar, Özbegistan, Saud Arabystany, Koreýa Respublikasy, KHDR, Ýaponiýa, Täjigistan, Birleşen Arap Emirlikleri we Indoneziýa. Bu toparlar FIFA-nyň 2025-nji ýylda Katarda 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek Dünýä çempionatyna ygtyýarly ýagdaýda gatnaşarlar.