Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Basketbol boýunça Türkmenistanyň kubogy

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Balkan welaýat häkimligi bilen bilelikde guramagyndaky basketbol boýunça ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryş hem ýygyndy toparymyzyň düzümini kesgitlemäge mümkinçilik berer. Ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryşy 20 – 25-nji sentýabr aralygynda Hazar şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. 

Bu bäsleşige paýtagtymyzdan we welaýatlardan toparlaryň birnäçesiniň gatnaşmagyna garaşylýar. Duşuşyklaryň ählisi hem Hazar şäherindäki döwrebap sport mekdebinde geçiriler.

«Türkmen sporty» gazeti (07.09.2019)