Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Dzýudo boýunça Türkmenistanyň çempionaty

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň guramagyndaky dzýudo boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 28 – 29-njy sentýabrda paýtagtymyzda geçirilmegine garaşylýar. Onuň netijesi boýunça ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň agzalary saýlanyp alnar hem-de ýeňiji bolan türgenlere gelejekki halkara ýaryşlarda ýurdumyza wekilçilik etmek ynanylar.

Ýurdumyzda sportuň dzýudo görnüşiniň halkara derejesine çykarylmagyna uly üns berilýändigini aýratyn bellemek gerek. Dzýudoçylarymyzyň şu ýylyň dowamynda halkara Gran-Pri ýaryşlarynyň ençemesine we beýleki iri ýaryşlaryna gatnaşandygy aýdylanlara güwä geçýär.
 

«Türkmen sporty» gazeti (07.09.2019)