Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmen woleýbolçylary 3-nji orny eýelediler

Türkmenistanyň uly ýaşly woleýbol ýygyndy topary Nepal döwletiniň Katmandu şäherinde geçirilen Aziýanyň merkezi sebitiniň çempionatyna gatnaşdy.

Deslapky duşuşyklarda artykmaçlyk gazanan toparymyzyň jemleýji tapgyrdaky ilkinji garşydaşy goňşy Owganystan döwletiniň woleýbol topary boldy. Bu oýunda ildeşlerimiz 3:0 hasabynda ýeňiş gazandylar.

 Maldiw adalarynyň woleýbolçylary bilen boljak nobatdaky duşuşykdaky üstünlik türkmen woleýbolçylary üçin bürünç medaly kepillendirýärdi.

Toparyň tälimçileriniň maslahatlary we türgenleriň ýeňşe bolan hyjuwlary duşuşygyň netijesini kesgitledi. Netijede, ildeşlerimiz duşuşygy 3:0 hasabynda ýeňiş bilen tamamlap,  hormat münberiniň 3-nji basgançagyna çykdylar.

«Türkmen sporty» gazeti (14.09.2019).