Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmenistanly kikboksçylar dünýä kubogynda 10 medal gazandylar

Russiýa Federasiýasynyň Anapa şäherinde «World Cup Diamon» ady bilen geçirilen dünýä kubogy ugrundaky X kikboksing ýaryşy tamamlandy.

Ozal halkara ýaryşlarynyň synagyndan üstünlikli geçip ýören türkmenistanly kikboksçylar bu bäsleşikde hem ata Türkmenistanyň sport abraýyny mynasyp gorap, jemi 10 medala (3 altyn, 3 kümüş, 4 bürünç) eýelik etdiler.

Ildeşlerimizden Muhammet Altybaýew (63,5 kg, low-kick), Hajymyrat Geldimämmedow (81 kg, low-kick) we Yslam Rahmedow (71 kg, low-kick) bäsleşigiň final bölegine çykdylar. Olaryň 3-si hem finalda ýer eýelerine wekilçilik edýän türgenlerden üstün çykyp, altyn medal gazandylar.

Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda Türkmenistana wekilçilik eden kikboksçylardan Goçmyrat Jumanyýazow (71 kg, K-1), Aýnazar Gylyjow (91 kg, low-kick) we Mekan Begmämmedow (54 kg, full-contact) kümüş medala mynasyp boldy.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň tälim berýän kikboksçylarynyň ýene 4-si hormat münberiniň 3-nji gatyna çykdylar. Netijede, Akmyrat Akyýew (67 kg, K-1), Merdan Mämmedow (75 kg, low-kick), Şöhrat Ýagmyrow (75 kg, low-kick) we Taýlymyrat Ýegeleýew (67 kg, low-kick) Watanymyza bürünç medal bilen gaýdyp geldiler.

WAKA guramasynyň baýdagy astynda Anapada guralan ýaryşa dünýäniň 22 döwletinden 300-den gowrak türgen gatnaşdy.

www.msy.gov.tm