Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

DOHADA ÝEŇIL ATLETIKA BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY TAMAMLANDY

Kataryň paýtagtynda ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty tamam boldy. Bu barada Ýeňil atletika federasiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

ABŞ-nyň ýygyndysy 29 gezek  baýrakly orunlara mynasyp bolup (14 altyn, 11 kümüş we 4 bürünç), gazanylan medallaryň hasaby boýunça abraýly ýaryşyň ýeňijisi boldy. Keniýanyň ýygyndysy ikinji (5 altyn, 2 kümüş, 4 bürünç), Ýamaýkanyň ýygyndy topary üçünji (3 altyn, 5 kümüş we 4 bürünç)  orny eýelediler.

Dohada geçen dünýä çempionatynda 209 döwletden iki müň töweregi türgen çykyş etdi. Katarda jemi 43 toparyň wekilleri hormat münberine çykdy. 2018-nji ýylda geçen Ýapyk binalarda Aziýa çempionatynda iki bürünç medaly eýelemegi başaran (häzirkizaman bäş görnüşi hem-de 4X400 metre estafeta ylgawy boýunça) Irina Welihanowa (Türkmenistan) 5-nji oktýabrda barýerli 100 metre ylgamak boýunça ýaryşda çykyş etdi.

 www.msy.gov.tm