Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

2020-nji ýylyň 24-nji fewraly — 10-njy marty aralygynda Aşgabat şäherinde futzal boýunça Aziýa çempionatyny geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem-de Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň 24-nji fewraly — 10-njy marty aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda we Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda Futzal boýunça Aziýa çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi. Karara laýyklykda bu çempionaty geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem-de Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy bilen ylalaşyp, Futzal boýunça Aziýa çempionatyny geçirmek baradaky Düzgünnamany taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.

www.tdh.gov.tm