Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Gandbolçylar Türkmenistanyň kubogyna taýýarlanýarlar

Golaýda Aşgabat şäherinde Gandbol boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrunda ýaryş geçiriler diýip, Türkmenistanyň gandbol federasiýasy habar berýär.

Türkmen paýtagtynda 14-nji oktýabrdan18-nji oktýabra çenli erkekleriň arasynda geçiriljek ýaryşda Türkmenistanyň kubogynyň eýesi belli bolar. Zenanlaryň arasynda gandbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň eýesi bolsa 21-25-nji oktýabr aralygynda geçiriljek ýaryşda kesgitlener.

Ýaryşyň esasy maksady ýurdumyzda sportuň olimpiýa görnüşini wagyz etmekden, türgenlerimizi milli we halkara ýaryşlara ýokary derejede taýýarlamakdan hem-de milli ýygyndyda çykyş etmäge mynasyp gandbolçylary saýlap almakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň gandbol federasiýasy ýurdumyzyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň guramaçysy bolup çykyş edýär.

www.msy.gov.tm