Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Ýetginjekleriň arasyndaky boks boýunça açyk çempionata badalga berildi

2019-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Aşgabat şäheriniň ýetginjekleriň arasyndaky boks boýunça açyk çempionatyna badalga berildi. Açyk çempionat Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş sport mekdebinde guralyp, 2003-2004-nji ýyllarda doglan ýetginjekler özara bäsleşerler.

 Ýaşlaryň arasynda geçirilýän bu ýaryşyň esasy maksady ýaş nesliň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyny gazanmakdan, sportuň olimpiýa görnüşlerini wagyz etmekden we ukyply ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. 

Aşgabat şäheriniň ýetginjekleriň arasyndaky boks boýunça açyk çempionaty Aşgabat şäheriniň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi tarapyndan guralýar.

Açyk çempionat 18-nji oktýabrda tamamlanar.

 

 www.msy.gov.tm