Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Düzzüm boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirilýär

Şu gün (28.10.2019) düzzüm boýunça erkekleriň, aýal-gyzlaryň we ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty başlandy. Çempionat Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirlen küşt we şaşka mekdebinde dowam edip, 30-njy oktýabrda tamamlanar.

Ýaryşa gatnaşýan her bir oýunça ukybyny görkezmek maksady bilen her döwde 10 minut wagt beriler.

Düzzüm boýunça ýaryşlaryň yzygiderli geçirilýändiginiň baş maksady türkmen milli paýhas oýunlaryny ösdürmekden we ýaýratmakdan ybaratdyr.

Ýaryşda baýrakly orunlary eýelenälere Türkmenistanyň Milli sport oýunlar merkezi tarapyndan hormat hatlar we sowgatlar gowşurlar.

www.msy.gov.tm