Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmenistanly eminler Aziýa çempionatynyň (U19) saýlama tapgyrynda eminlik ederler

Türkmenistanly eminler Çarymyrat Gurbanow (Aşgabat) bilen daşoguzly Pälwan Pälwanow Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy tarapyndan ýaşlaryň (U19) arasynda geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň «G» toparçasynyň duşuşyklarynda eminlik etmäge çakylyk aldylar.

Kambojanyň Pnompen şäherinde geçiriljek saýlama tapgyrynda Tailandyň, Malaýziýanyň, Kambojanyň, Bruneýiň hem-de Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndylary bäsleşerler.

Çarymyrat Gurbanow baş eminiň, Pälwan Pälwanow bolsa kömekçi eminiň wezipelerini ýerine ýetirerler.

www.tff.com.tm