Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Futzal boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berilýär

Şu gün (09.11.2019) futzal boýunça Türkmenistanyň kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşa badalga berler.

Futzal toparlarynyň 17-siniň gatnaşmagynda geçirilýän kubok ýaryşy 18-nji noýabra çenli dowam eder.

Kubok bäsleşigi utulan-çykdy görnüşinde geçiriler. Kubok bäsleşiginiň 1/8 finalynyň duşuşyklary 10-11-nji, çärýek finalyň duşuşyklary 12-13-nji, ýarym final duşuşyklary 15-16-njy, final duşuşygy bolsa 18-nji noýabrda geçiriler.

Çärýek finalda hem-de ýarym finalda ýeňijiniň iki duşuşygyň netijesinde kesgitlenilýändigini ýatladýarys.

 Deslapky tapgyr (1/8 final):

«Talyp sport» – TNGIZT / «Nesil» – «Milli goşun»

«Daýhanbank» – «Tejen» / «Senagatbank» – «Daşoguz»

«Köpetdag» – «Gümrükçi» / «Migrasiýa» – «Lebap»

«Deňizçi» – «Serhetçi» / «Ahal» – «Oguzhan»/«Paýtagt» (09.11.2019)

Bellik: «Oguzhan» bilen «Paýtagt» toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi 1/8 finalda «Ahal» topary bilen duşuşar. www.tff.com.tm

www.tff.com.tm