Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Olimpiýa şäherçesi futzal boýunça Aziýa çempionatyny kabul etmäge taýýarlanýar

Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesi bu günki gün iri ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Häzirki wagtda bu ýerdäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda we Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda geçiriljek Aziýa yklymynyň fuzal baýramyna taýýarlyk görülýär.

2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna giren futzal ýaryşynyň ýokary derejede guralandygyny aýtmak gerek. Şonuň üçin 2020-nji ýylda Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň hem talabalaýyk guraljakdygyny nygtamak bolar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem-de Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň 24-nji fewraly — 10-njy marty aralygynda Futzal boýunça Aziýa çempionatyny geçirmäge ygtyýar berlendigini ýatladýarys.

www.msy.gov.tm