Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«Sport metbugatda» gepleşiginiň nobatdaky sany tomaşaçylara ýetirildi

Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde taýýarlaýan «Sport metbugatda» atly gepleşiginiň şu gün – 18-nji noýabrda nobatdaky sany tomaşaçylara ýetirildi.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi web-saýtynda, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynda we «Türkmen sporty» gazetinde sport wakalarynyň şöhlelendirilişinden söhbet açýan bu gepleşik Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýazgy edilýär.

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy arkaly yzygiderli tomaşaçylara ýetirilip durulýan «Sport metbugatda» atly gepleşigine Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyplary işjeň gatnaşýarlar.

Gepleşigiň ýerine düşmegi üçin «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynyň döredijilik toparynyň tagalla edýändigini bellemelidiris.

www.msy.gov.tm