Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«Altyn asyr» altynjy gezek Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi boldy

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary nobatdaky gezek çempionlygyny goramagy başardy. Bu topar çempionat tamamlanmaga 3 tapgyr galanda ýeňşini baýram etdi.

«Aragatnaşykçylar» 25-nji tapgyrda myhmançylykda çempionlyk ugrundaky esasy bäsdeşi «Şagadamdan» 2:1 hasabynda üstün çykdylar. 

Şeýlelikde, «Altyn asyr» altynjy gezek Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi boldy. Olary bu üstünlige 43 ýaşly tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew getirdi. 

Mundan ozal  2014, 2015, 2016, 2017 we 2018-nji ýyllarda çempion bolan «Altyn asyr» altyn medallarynyň sany boýunça Türkmenistanyň iň netijeli çykyş eden topary bolan «Köpetdag» bilen deňleşdi. 

«Altyn asyr» 2020-nji ýylda AFK-nyň kubogynyň toparçadaky ýaryşynda çykyş eder.