Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Türkmenistana geldi

Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Nejmeddin Bilal Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu gün (27.11.2019) Türkmenistana geldi.

Ol günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda guralan Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisine gatnaşdy.

Abraýly halkara sport guramasyna – Bütindünýä etnosport konfederasiýasyna ýolbaşçylyk edýän Nejmeddin Bilal Erdogan bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty minstri Daýanç Gulgeldiýewiň duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda etnosporty wagyz etmek boýunça bilelikde edilmeli işler barada pikir alşyldy.

 Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy, şeýle-de, Türkmenistanyň milli oýunlar merkeziniň başlygy bilen duşuşdy we «Türkmenistan:Sport» teleýaýlymyna interwýu berdi

www.msy.gov.tm