Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Milli woleýbol çempionaty dowam edýär

Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň klub toparlarynyň arasynda milli woleýbol çempionaty dowam edýär.

Bu çempionata toparlaryň 11-si gatnaşyp, olar iki toparçada özara bäsleşýärler. Ýaryş iki aýlawdan ybarat bolar.

Çempionatyň ýeňijisi 2020-nji ýylyň aprel aýynda geçiriljek Aziýanyň klub toparlarynyň arasyndaky bäsleşikde Türkmenistana wekilçilik eder.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda geçirilýän woleýbol boýunça milli çempionatyň başlangyç tapgyrlary geçirildi.

1-nji topar: «Milli goşun» – «Galkan» – 0:3

1-nji topar: «Galkynyş» – «Watançy» – 3:0

2-nji topar: «Hazyna» – «Migrasiýa» – 3:0

2-nji topar: «Binagär» – «Serhetçi» – 3:0

2-nji topar: «Talyp sport» – «Maliýeçi» – 3:1

2-nji topar: «Maliýeçi» – «Migrasiýa» – 3:0

Türkmenistanyň klub toparlarynyň arasyndaky milli woleýbol çempionat 2019-njy ýylyň 2-nji dekabrynda tamamlanar.

www.msy.gov.tm