Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Woleýbol boýunça Türkmenistanyň milli çempionaty tamamlandy

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň klub toparlarynyň arasynda milli woleýbol çempionatynyň I tapgyry tamamlandy.

Bu çempionata toparlaryň 11-si gatnaşyp, olar iki toparçada özara bäsleşdiler.

Gyzykly geçen oýunlaryň netijesinde, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» woleýbol topary 12 utuk toplap birinjiligi eýeledi.

Ýaryşyň ikinji ornuny 10 utuk jemlemegi başaran toparlar TDBGI-niň «Binagär» topary, Türkmen döwlet Bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sport» woleýbol topary paýlaşdylar.

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň «Migrasiýa» toparynyň woleýbolçylary bary-ýogy 1 utuk tapawut bilen, ýagny 9 utugy jemläp çempionatda üçünjiligi eýelediler.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Galkynyş» topary 8 utuk, Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi» topary 7 utuk, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli Goşun» topary 5 utuk, «Watançy» 5 utuk, Türkmenistanyň Ulag we telekommunikasiýalar institutynyň «Kerwen» topary 1 utuk bilen ýaryş jedwelinden orun aldylar.

Milli çempionatyň II tapgyry 2019-njy ýylyň 16-22-nji dekabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

 

Şirin ŞIRLIÝEWA,

žurnalist.