Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«Altyn täç» ýetginjekleriň arasynda futbol boýunca Türkmenistanyň birinjiliginiň ýeňijisi boldy

Paýtagtymyzyň «Altyn täç» topary Türkmenistanyň Sport  we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda 2006-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça geçirilen ýurdumyzyň birinjiliginiň ýeňijisi boldy.

Bäsleşigiň aýgytlaýjy duşuşygynda «Balkan» topary bilen duşuşan «Altyn täç» 1:0 hasabynda ýeňşini baýram etdi.

Hormat münberiniň üçünji basgançagyna Mary welaýatynyň topary çykmagy başardy.

Welaýatlarymyza hem-de paýtagtymyza wekilçilik edýän toparlaryň 8-siniň («Altyn täç», «Şatlyk», «Dostluk» – hemmesi Aşgabat şäheri, «Ahal», «Mary», «Balkan», «Daşoguz», «Lebap») gatnaşmagyndaky birinjiligiň duşuşyklarynyň Aşgabat şäheriniň Gökje ýaşaýyş toplumynyň sport meýdançasynda geçirilendigini ýatladýarys.

3-nji orun ugrunda

«Lebap» – «Mary» – 0:5

Final

«Altyn täç» – «Balkan» – 1:0