Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Dzýudo boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryş

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň sport çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda, 2019-njy ýylyň 19-njy dekabrynda sportuň dzýudo göreşi boýunça ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşa badalga berildi.

Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda başlanan ýaryşda 2000-2002-nji ýyllarda doglan oglanlar we gyzlar bäsleşerler.

2019-njy ýylyň 20-nji dekabrynda dzýudo bilen meşgullanýan oglanlaryň we gyzlaryň arasyndaky bäsleşikler dowam eder.

Dzýudonyň sportuň Olimpiýa görnüşidigi sebäpli Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň bilermenlerde we janköýerlerde uly gyzyklanma döredýändigini bellemek gerek.

www.msy.gov.tm