Soňky habarlar

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda Taýlanddan üstün çykdy

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy 2027-nji ýyl üçin Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda Taýlandyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Duşuşyk sişenbe güni Aşgabat stadionynda geçirildi. Türkmen milli ýygyndysynyň düzüminde Mihail Titow (1-nji minutda), Yhlas Saparmämmedow (37-nji) we Mekan Saparow (66-njy minutda) tapawutlandylar. Myhmanlaryň ýeke-täk goluny Supaçai Çaided (35-nji minutda) geçirdi.

Bu ýeňişden soň Türkmenistan 6 utuk gazanyp, D toparçasynda birinjilige çykdy. Taýland bilen Şri-Lanka 3 utuk gazandy. Sanawyň iň aşaky ornunda 0 utuk bilen Hytaý Taýpeýi ýerleşýär.