Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Sagdyn durmuş ýörelgesi dabaralanýar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ilkinji gezek ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy we Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň guramagynda mazmuny köpçülikleýin ylgaw ýaryşyndan Gündogar sebitiň merkezi Türkmenabat şäherinde geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

«Parahatçylyk we durnukly ösüşe batly gadam» diýlen at bilen geçirilen sport çäresine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýat boýunça wekilhanasynyň işgärleri, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, türgenlerdir tälimçiler, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri we meýletinçiler gatnaşdylar.

Köpçülikleýin ylgaw ýaryşyna gatnaşyjylar Türkmenabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasyndan welaýatyň aýdymçy-sazandalarynyň şowhunly çykyşlary bilen badalga aldylar we Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugry boýunça ýaryşy dowam etdiler.

Bäsleşikde bellenilen 5 kilometr aralygy ynam bilen geçip, pellehana ilkinji bolup gelen Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary Gurtgeldi Gurdow erkekleriň arasynda, Nargiza Kadyrowa hem zenanlaryň arasynda ýeňiji boldular.

Köpçülikleýin ylgaw ýaryşynda ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň arasynda degişlilikde Farap etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň okuwçylary Muhammet Durdymyradow hem-de Aziza Atahanowa pellehanadan ilkinji bolup geçmekligi başardylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine we baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere dabaraly ýagdaýda diplomlar we sowgatlar gowşuryldy.